Türkmenistanda döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny guramagyň 2014-2019-njy ýyllar üçin Maksatnamasy

Türkmenistanda döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny guramagyň 2014-2019-njy ýyllar üçin Maksatnamasy


«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasy»

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär. 2007-nji ýylyň ahyrynda kabul edilen we 2008-nji ýyldan başlap amala aşyrylýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasy» munuň aýdyň mysalydyr. Özüniň gurşap alýan möhüm durmuş wezipeleriniň gerimi we möçberi boýunça bu Maksatnama diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde tapawutlanýan maksatnamalaryň hataryna girdi.


Köprüleriň gurluşygy

Köprüler biziň her birimiziň her günde diýen ýaly ulanýan wajyp binalaryň biri bolup durýar. Arassa, döwrebap köprülerden ýöremegiň özem bagtdan bir paýdyr. Birek-birege dileg edilende ýoluň ak, açyk bolsun diýip, oňat, ak arzuwlar edilýär.