Ak şäherim Aşgabat

Garaşsyzlyk şaýoly

Gözel hem ajaýyp başlangyçlary bilen durmuşumyzy ruhubelentlige besleýän Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan şäher gurluşyk - binagärlik maksatanamasynyň çäklerinde gurulýan ajaýyp, dürli maksatly binalar ak şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen, paýtagtymyzda bagtyýarlyk ýyllarynyň içinde gurlan belent binalary, ajaýyp köşgi-eýwanlary, çekilen täze, halkara ülňülerine laýyk gelýän şaýollardyr, ýollary synlanyňda kalbyňa buýsanç duýgulary dolýar.

Aýratyn hem soňky ýyllarda Hormatly Preizidentimiziň üns merkezinde saklamagy bilen ösüşlere eýe bolup, çägi has giňän ak şäherimiziň Garaşsyzlyk şaýoly, başga-da ençeme täze çekilen we durky täzelenen awtomobil ýollary, şaýollary, pyýadalar üçin ýollar ulaglaryň we ýolagçylaryň hiç bir bökdençsiz we howupsuz hereket etmegi üçin uly ähmiýete eýedir.

Owadan paýtagtymyzyň içinden we daşyndan eriş-argaç bolup aýlanýan, halkara ülňülerine gabat gelýän, aýna ýaly tekiz awtomobil ýollaryň gyralarynyň abadanlaşdyrylmagy, bagy-bossanlyklara, dürli öwüşgünli  ajaýyp gülzarlyklara bürenmegi,  bu ýerlerde halkymyzyň  durmuşynda wajyp ähmiýete eýe bolan belent binalaryň  gurluşygyna badalga berilemgi bilen ak şäherimiz Aşgabat has giňedi, has gözelleşdi.

Hormatly Preizdentimiziň ýurdumyzy ösdürmek, bagy-bossana  büremek, paýtagtymyzy iň ajaýyp hem-de ýaşamak üçin oňaýly şäherleriň birine öwürmek babatda alyp barýan bu işleriniň özeninde halkymyzyň eşretli geljeginiň aladalary ýatyr. Bu beýik işleriň netijesinde eşretli durmuşyň hözürini görüp ýaşaýan her bir türkmen raýatynyň ýüreginde Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri joşýar.