Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly (awtoban)

Türkmenistan häzir Ýewraziýa giňişliginde ulag-logistik ulgamyň şu günki dünýäniň islegleridir talaplaryna laýyk gelýän ugurlarynyň täze nusgalaryny hödürleýär. Şunda geoykdysady giňişligiň bu babatdaky esasy meselesi Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän binýady döretmekdir. Şunda awtomobil ýollaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek babatynda hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.

Awtomobil ýollary düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň tutuş taryhynda awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň hiç wagt şeýle giň derejede amala aşyrylmandygyny ynamly aýtmak bolar. 2014-nji ýylda Türkmenistanda awtoulag ýollarynyň tutuş ulgamynyň durky täzelendi, täze ähli zerur ýol düzümleri bolan ýokary tizlikli awtomobil ýollary çekildi. Olaryň umumy uzynlygy geljekde 1700 kilometre golaý bolar.

Häzirki wagtda Türkmenbaşy - Farap we Aşgabat - Daşoguz awtoulag ýollarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Pudaklaýyn ösüş maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşy - Farap we Aşgabat - Daşoguz, Türkmenbaşy - Gazagystanyň serhedi, Türkmanabat - Daşoguz we Mary - Serhedabat awtoulag ýollaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

 Ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän awtomobil ýollaryny gurmak bilen bir wagtda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýollary hem gurulýar. Olary 3 tapgyrda gurmak göz öňünde tutulýar. Birinji tapgyrda Aşgabat - Türkmenbaşy, ilkinji tapgyrda Aşgabat - Farap, üçünji tapgyrda bolsa Aşgabat - Daşoguz ýollary gurlar.

Ýokary tizlikli awtomobil ýollunyň gurluşygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin bu babatda degişli tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek göz öňünde tutulýar. Aşgabat - Türkmenbaşy ýokary tizlikli täze awtomobil ýoly Aşgabat - Daşoguz ýolunyň 24-nji kilometrinden başlanýar. Ýol Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginden başlanyp, Türkmenbaşy şäherine çenli uzar.

Onuň umumy uzynlygy 564 kilometre barabardyr we ulag ýoly ikitaraply bolup, onuň her biriniň ini 15 metrdir. Ýoluň tutuş dowamynda 9 sany barlag geçiriji bölümleriniň 9 sany tehniki hyzmat duralgalary, 7 ýangyç guýujy beketleri gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ulanyş gullugynyň edara jaýlarynyň 5-si, 3 ýol myhmanhanalary, 20 awtomobile niýetlenen duralga, jemgyýetçilik iýmiti edaralary göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýolunyň ugrunda ugurdaş ýollaryň 12-si, 217 demir-beton köprüleri gurlar. Onuň düşeginiň beýikligi 1 metr 22 santimetre barabar bolar.