Köprüleriň gurluşygy

Köprüler biziň her birimiziň her günde diýen ýaly ulanýan wajyp binalaryň biri bolup durýar. Arassa, döwrebap köprülerden ýöremegiň özem bagtdan bir paýdyr. Birek-birege dileg edilende ýoluň ak, açyk bolsun diýip, oňat, ak arzuwlar edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagta ulaşan türkmen halkynyň ak ýollardan ýöremegi, owadan häziki zaman köprülerden geçmegi üçin Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy biçak uludyr. Hormatly Prezidentimiz ýollaryň, köprüleriň, estakadalaryň ýokary hilli gurulmagy baradaky meselelere aýratyn uly üns berýär. Bu günki günde welaýatlarymyzyň çar ýanyndan gurulan köprüler we estakadalar, halkalaýyn ýollar awtoulag gatnawynyň mümkinçiliklerini has artdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda gurulýan her bir desganyň gurluşyk işleriniň, aýratynam ulanylýan materiallaryň saýlama, ýokary hilli bolmalydygna aýratyn üns berýär. Esasanam, köpriniň süňňüni düzýän dürli metallar berkligi, ýokary tehnologiýalar esasynda öndürilendigi bilen tapawutlanýar. Metal meselesinde ýokary hili üpjün etmek üçin dünýäde metal öndürmekde uly abraýy bolan ýurtlaryň önümleri ulanylýar. Köpriniň seýsmiki durnuklygyny saklamagy, yraň atmalaryň awtoulaglara täsirsizligini üpjün etmek üçin ýörite tehnologiýalaryň ulanylmagy onuň artykmaçlykly taraplarydyr. Bular bilen birlikde betonlar hem ýokary derejeli sementleriň ulanylmagy bilen guýulýar. Munuň özi köprüniň berk we uzak döwrüň dowamynda hyzmat etmegine mümkinçilik berer.

Ýol, köpri we estakadalary gurmakda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniň hünärmenleri ýol örtügi meselesinde hile aýratyn üns berýär. Bu işde ulanylýan materiallar awtoulaglaryň tigirleri bilen oňat galtaşýan we typmak howpuny has pese düşürýän ýörite garyndyly materiýallardyr.

Alnyp barylýan gurluşyk işleri diňe köprüniň taýýar bolmagy bilen tamamlanmaýar, köpri bilen bilelikde onuň daş-töwereginde abadanlaşdyryş işlerini hem geçirilýär. Şonuň ýaly hem köprä galtaşykly bolan köçeleriň, ýanýodalaryň we pyýadalara niýetlenen ýodalaryň ep-esli bölegi gurulýar. Munuň özi bolsa bu iri desganyň hasam görklenmegine getirip, ýurdumyzyň ýollarynyň howpsuzlygyna we gözelligine gözellik goşar.