Türkmenistanda döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny guramagyň 2014-2019-njy ýyllar üçin Maksatnamasy

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzyň ýol infrastrukturasyny ösdürmek, awtomobil ýollaryny halkara standartlaryna laýyk gurmak we ähli döwrebap ýol ulgamlary bilen üpjün etmek boýunça dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýokary hilli ýol gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Häzirki wagtda “Türkmenbaşy- Farap” we “Aşgabat - Daşoguz” awtomobil ýollarynyň gurulmagy ýurdumyzyň dürli sebitlerini özara birleşdirmäge, ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak ulgamyny ýokary derejelere ýetirmäge, ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýol gurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýokarda agzalan döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygyna «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik birleşikleriniň hem-de ýol gurluşyk müdirlikleriniň esasy güýçlerini gönükdirmek, kömekçi potratçy hökmünde ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryny işe çekmek bilen, taslamalary 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Uzak aralyklara ýükleri we ýolagçylary gatnatmak işini ýokary derejede guramak, ýolagçylara we ulag serişdelerine edilýän hyzmaty hil taýdan gowulandyrmak maksady bilen, «Türkmenbaşy - Farap» we «Aşgabat - Daşoguz» awtomobil ýollarynyň ugrunda kempingleri hem-de beýleki hyzmat ediş nokatlaryny Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň maýa goýumlaryny we karz serişdelerini işjeň ulanmak we işe çekmek arkaly gurmak göz öňünde tutulýar.

Bu döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygyny tamamlamak üçin gerek bolan ýol gurluşyk metallarynyň we ýerine ýetirmeli işleriň göwrümi kesgitlenip, bu materiallary “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernine degişli bolan Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşýän daş känlerinden almak hem-de zerur asfalt önümlerini garyjy zawodlardan alnyp, ýerine ýerirmeklik meýilleşdirilýär.