«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasy»

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär. 2007-nji ýylyň ahyrynda kabul edilen we 2008-nji ýyldan başlap amala aşyrylýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasy» munuň aýdyň mysalydyr. Özüniň gurşap alýan möhüm durmuş wezipeleriniň gerimi we möçberi boýunça bu Maksatnama diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde tapawutlanýan maksatnamalaryň hataryna girdi.

Oba Milli maksatnamsynda durmuş pudaklarynyň we inženerçilik üpjünçilik ulgamlarynyň 15-siniň arasynda awtomobil ýollary hem bar.

Oba ýerleriniň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň içerki awtomobil ýollarynyň ýagdaýy olaryň durkuny täzelemegi talap edýär. Türkmenistanyň ilatynyň zolaklaýyn ýerleşmegi sebäpli, ilatly nokatlaryň arasyndaky uly ýollaryň ýagdaýy gowy, ýoluň käbir bölekleri halkara standartlaryna gabat gelýär.

Adam hakynda alada hormatly Pezidentimiziň durmuş-ýaşaýyş syýasatynyň düýpli aýratynlygy bolmagynda galýar we bu syýasat üstünlikli amala aşyrylýar.