Tender

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni geosintetik önümlerini satyn almak boýunça şu aşakdaky lotlar boýunça

HALKARA BÄSLEŞIK

yglan edýär

 

LOT №1 - Geotekstil

LOT №2 – Tekiz geogözenek

ЛОТ №3 – Asfalt örtügini armirlemek üçin geosetka 

ЛОТ №4 – Göwrümli geogözenek

 

Gyzyklanma bildirýän ähli taraplara öz tekliplerini “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernine şu aşakdaky salga iberip bilerler, Aşgabat şäheri, Azady (2011) köçesiniň 95 jaýy:

- Bäsleşige gatnaşmak isleýan dalaşgärler doly adyny, hukuk derejesini we bellige alynan ýurduny görkezmek bilen arza bermeli;

- Tehniki ýumuşyny we ýöriteleşmesini almaly;

- Her bir lot üçin 200 (iki ýüz) ABŞ dollaryny ýada onuň gymmatyna laýyklykda manat möçberinde (salgyt hasaba alynmanda) töläp bäsleşige degişli bolan resminamalarynyň bukjasyny almaly we iki bukjada ýagny birinde baha we ykdysady görkezijileriniň teklibini beýlekisine degişli resminamalary salyp ibermeli;

-Bäsleşigiň teklipleri 2015-nji ýylyň 6-njy maýyna çenli her gün sagat 9-00-dan 17-00-a çenli kabul edilýär;

- Töleg geçirmek üçin hasap resminamasy bäsleşige gatnaşmak üçin arza berilenden soň berilýär;

- Bäsleşigiň resminamalarynyň bukjasy ýokardaky görkezilen salga bäsleşigiň yglan edilen gününden kabul edilýär we bellenen möhletden gijä galan teklip bukjalar kabul edilmeýär.

 Bäsleşik tekliplerine töleg geçirilenden soň serediler.