«Türkmenýoltaslama»

  Tehniki hasabat işleriň aýry-aýry görnüşleri boýunça materiallary peýdalanmak bilen inžener-geodeziýa gözlegleriniň taslanylmagynyň tabşyrylan tapgyry üçin tamamlanan tutuş toplumda her desga boýunça düzülmelidir.

  Tehniki hasabatyň ýerine görkezmenama laýyklykda ýerine ýetirilýän inžener-geodeziýa gözlerleriniň desgalary üçin düşündiriş ýazgysy düzülýär.

Tehniki hasabatda ýerine ýetirilýän işleriň maksadyny, guralmagyny, usulyny, hilini we möçberini, şeýle hem olary geçirmegiň ähli aýratynlyklaryny we geodeziýa ylmynyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanmagyň netijelerini häsiýetlendirýän doly maglumatlar bolmalydyr. Gurluşyk meýdançalary üçin inžener-geodeziýa gözlegleri boýunça tehniki hasabat tekstli bölekden we goşundylardan ybarat bolmalydyr. Tehniki hasabatyň tekstli bölegi şu bölümlerden düzülmelidir:

  1. Umumy maglumatlar.
  2. Işleriň sebitiniň gysgaça fiziki-geografiki häsiýetnamasy.
  3. Işleriň sebitiniň topografo-geodeziki taýdan öwrenilmegi.
  4. Daýanç geodeziki ulgamlar.
  5. Suratadüşüriş geodeziki ulgam.
  6. Topografiki suratadüşürişler (meýilnamalary täzelemek), şol sanda ýerasty we ýerüsti desgalary surata düşürmek.
  7. Kärhanalaryň durkuny täzelemek üçin demir we awtomobil ýollaryny surata düşürmek.
  8. Gözlegleriň beýleki görnüşlerini geodeziýa taýdan üpjün etmek.
  9. Inžener-gidrografiki işler.
  10. Howply geologiki ýagdaýlar öwrenilen mahaly geodeziki işler.
  11. Liniýa desgalarynyň trassalarynyň inžener-geodeziki gözlegleri.
  12. Işleriň tehniki gözegçiligi we kabul edilmegi.
  13. Buýruja we beýleki guramalara berilýän materiallaryň sanawy.

 

Tehniki hasabata goşundylarda şular ýerleşdirilýär: buýrujynyň tehniki tabşyrygynyň nusgasy; işleri geçirmek üçin rugsatnamanyň nusgasy; meýilnamalaýyn daýanç geodeziýa ulgamynyň ülňüsi; belentlik daýanç geodeziýa ulgamynyň ülňüsi; başlangyç geodeziýa punktlarynyň barlaglarynyň wedomosty; geodeziýa ulgamlarynyň bellenilen hemişelik punktlarynyň (nokatlarynyň) abrisleriniň, saklamak üçin gözegçilik geodeziýa punktlarynyň tabşyrylmagy hakynda akt; daýanç geodeziýa ulgamlarynyň punktlarynyň koordinatlarynyň we belentlikleriniň wedomosty; geodeziýa ulgamynyň meýilnamalaýyn surata düşürişiniň ülňüsi; belentlik geodeziýa ulgamynyň ülňüsi; uzak wagtlyk saklamak üçin hemişelik nyşanlar bilen berkidilen nokatlaryň koordinatlarynyň we belentlikleriniň wedomosty; keseligine ugurlaryň ölçegleriniň maglumatlary; meýilnamalaryň listlerini sütünlere bölmek bilen ýerine ýetirilen topografiki suratadüşürmegiň uçastoklarynyň ýerleşmeginiň kartogrammasy; inžener-geologiki işleriniň we beýleki nokatlaryň koordinatlarynyň we belentlikleriniň wedomosty; tamamlanan işleriň materiallaryny kabul etmegiň akty; inžener-topografiki meýilnamalaryň nusgasy.

  Goşmaça talaplar boýunça şular berilýär: binalaryň (desgalaryň) burçlarynyň koordinatlarynyň wedomosty we ýerasty desgalaryň guýularynyň (kameralarynyň) katalogy; ýerasty we ýerüsti desgalaryň ülňüleri; ýerüsti desgalaryň guýularynyň (kameralarynyň) diregleriniň eskizleri; binalaryň (desgalaryň) ölçeg çyzgylary; meýdançanyň içersindäki demir we awtomobil ýollarynyň meýilnamalary, wedomostlary, uzaboýuna we keseligine profilleri; beýleki materiallar.

Aýrylýan desgalaryň we aýrybaşgalanýan ýerleriň, jarlaryň, köwleriň we batgalaşan uçastoklaryň ýapgyt dagly uçastoklaryň öwrüminiň burçlarynyň wedomosty; trassanyň häsiýetli nokatlarynyň situasiýanyň elementlerine baglanyşyk abrisleri; berkidilen trassanyň buýruja tabşyrylmagynyň akty esasynda işler ýerine ýetirilýär.